Ähli gyzyklanma bildirýänlere açyk çakylyk

Guga
Penjire
Published in
2 min readOct 10, 2018

--

Birzatlar etmäge, döretmäge başlamak üçin hiç wagt giç bolmasa gerek.

Geçen günlerde taýýarlap ýören proýektimiziň käbir sebäpler bilen netijesiz soňlananyndan soñ, asyl işimiň daşyndan hiç zat etmän gezip ýördüm. Bir aýdagy boluberýär proýekti goýbolsun edenimize. Elbetde martdan bäri üstünde alada edip, çykaraýmaly wagtynda netijesiz soňlanmagy başda biraz agyr degdi. Ýöne näme-de bolsa häzir ýene täzeden birzatlar etmäge bolan islegim täzeden döredi 😋

Emma bu gezek şu wagta çenli edip görmedik ýolum bilen birzatlar etmek isleýärin. Ýagny şu wagta çenli asyl düýp pikiri men öňe sürerdim we bu pikirime goşant goşmak, işlemek isleýän kişileri gözlärdim. Soňra bilelikde gidip bilen ýerimize çenli proýekti birzat edip dowam etdirerdik (esasy jogapkärçilik ýene-de mendedi).

Bu gezek bolsa tersine etmek isleýärin (eger şowuna bolsa). Internet bilen baglanyşykly (Website, Mobile App) proýekt pikiri bolan kişiň/kişileriň toparyna goşulyp, oňa/olara meýletin goşant goşmak isleýän.

Meň üçin proýektiň temasy islendik zat bolup biler. Islendik dilde-de bolup biler (türkmençe bolsa hasam gowy). Ýekeje zat hökman bolmaly ýöne; olam — öňki duran ýerimizden bizi, jemgyýetimizi bir ädim öňe äkitjek pikir we şol pikire ynanýan, hyjuw duýýan bir pikir eýesiniň bolmagy. Galan zatlar köp işlemek bilen alyp çykyljagyna ynanýan.

Şu babatda şeýle kişi/kişiler bilen tanyşmak, pikir alyşmak we bilelikde birzatlar döretmäge howlukýaryn. Ynha açyk çakylygym şundan ybarat 😉

surat: LEGO Build poster

Hä birem sen näme başarýan onsoň diýseň, men şol internet proýektiniň Website taýýarlamak ýerinde aktiw rol oýnap bilerin. Galanynam proýekte göre maslahatlaşybermeli bolar.

Wagt aýyryp okanyň üçin minnetdar. Eger şol kişi sen bolsaň hökman guk beriň, habarlaşaly. Birem dostlaryň, joralaryň bilen paýlaşyp maňa goldaw berip bilersiň, minnetdar!

Häzirlikçe hoş wagtyň 👋

📩 e-poçta

Sentýabr 2020: teklip güýjini ýitirdi.

--

--